Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy bilen tanyşdy

23:5323.10.2020
0
6256

23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow milletiň Lideriniň Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Bu resminamalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler nazara alnyp taýýarlanyldy. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynda emele gelen ählumumy ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan käbir ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.

Wise-premýer ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň esasy görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümiň hereket edýän nyrhlardaky we ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarynda göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan maglumatlara geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň jemlenen girdejileriniň we çykdajylarynyň umumy möçberleri tassyklanyldy.

Serişdeleriň köp bölegini durmuş ulgamynyň, şol sanda bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlaryna, umumy görnüşdäki döwlet hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.

Maýa goýumlarynyň kesgitlenen möçberleri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

2021-nji ýylda maýa goýum serişdelerini, esasan, ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, täzeçil usuldaky önümçiligiň ýola goýulmagyna, düzüminde goşulan gymmatyň paýy ýokary bolan pudaklara, durmuş-medeni ulgamlara hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirmek meýilleşdirildi.

Şeýle hem wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp gurluşyklara, welaýatlarda gurulýan täze şäherçelere we obalara gönükdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri geljek ýylda depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda durmuş maksatly ykdysady syýasaty amala aşyrmagyň dowam etdirilmelidigini nygtady. Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.

Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.

Halk hojalygynda zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir.

Milli Liderimiz 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ilatymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu işleriň ilatymyzyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegini hem öz içine almalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny seretmek üçin Mejlisiň garamagyna ibermek baradaky resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly G.Mämmedowa geçirdi hem-de ýakyn wagtda milli parlamentiň maslahatynda ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyna garamagy teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň