Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow karýerasyny UFC-de dowam etdirip biler

20:5023.10.2020
0
26149

Garyşyk başa-baş göreş boýunça söweş sungatynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow Ultimate Fighting Championship (UFC) bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada türkmen türgeni MMATIKA ýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Häzirki wagtda Ýagşymyradow BAE-de “Söweş adasynda” UFC 254 turniriniň geçiriljek ýerinde bolýar.

“ACA ligasy maňa örän gowy şertleri hödürledi. Men näme üçin UFC-e goşulmak isleýärin? Sebäbi bu taryh üçin. Men UFC-de bolup, çempion bolup biljek ilkinjileriň biri bolmak isleýärin. Meniň çempion bolmaga örän gowy mümkinçiligim bar. Eger-de UFC bilen şertnama baglaşsam, gysga wagtyň içinde üstünlik gazanaryn diýip pikir edýärin. Özüme ynamym bar. 10-lyga çenli men ählisinden arkaýyn öňe geçerin. Galan zatlary çaklap oturmagyň zerurlygy ýok. Ilki bilen UFC girmeli, galanlaryny hem göreris. Men 2 ýylyň içinde maksat goýan ýerime ýetip bilerin diýip umyt edýärin. Meniň maksadym – çempion bolmak” – diýip, Ýagşymyradow belledi.

Ýatlap geçsek, ýarym agyr agramda Absolute Championship Akhmat-yň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow şertnamanyň möhletiniň dolmagy bilen guramadan gitdi.
Ultimate Fighting Championship ABŞ-da ýerleşýän we tutuş dünýäde garyşyk başa-baş göreş boýunça söweşleri geçirýän sport guramasydyr. UFC-niň howandarlygynda dünýä reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän MMA söweşijileriniň köpüsi çykyş edýär.
Ýagşymyradow UFC-de Türkmenistanyň ilkinji raýaty bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň