S7 Airlines uçary diplomatlary we olaryň maşgalalaryny Moskwadan Türkmenistana getirer

16:1623.10.2020
0
21228
S7 Airlines uçary diplomatlary we olaryň maşgalalaryny Moskwadan Türkmenistana getirer

Türkmenabat halkara howa menziliniň maglumat bölümi 25-nji oktýabrda irden sagat 8:00-da Moskwadan Türkmenabat şäherine «S7» uçary  bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini we olaryň maşgalalaryny getirer diýip, «Türkmenportal» habarlar gullugyna habar berdi.

Şol uçuşda Russiýa Federasiýasynyň raýatlary, Türkmenistanyň we Russiýanyň goşa raýatlygy bolan adamlar, Russiýada hemişelik ýaşamak üçin rugsatnama alan türkmen raýatlary bolar.

Uçuşy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady diýip, howa menziliniň maglumat bölümi tassyklaýar.

BSGG-nyň tekliplerine görä, Russiýadan gelen raýatlar hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

Mundan ozal türkmen talyplarynyň ýörite uçuş bilen Tatarstandan alnyp gaýdyljakdygyny habar berdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň