Lebap welaýatynyň ekerançylary şaly oragyna guramaçylykly girişdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Olar şu ýyl 10 müň 200 gektara ekilen şalydan 47,5 müň tonna hasyl almagy maksat ediýärler. Munuň üçin olar kemsiz bişip ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnamaga kuwwatly we kämil kombaýnlaryň 70-e golaýyny gönükdirdiler. Tejribeli mehanizatorlaryň erk edýän bu kombaýnlary şu günler bökdençsiz işledilýär we her günde 500 — 600 gektar ýerde şalynyň bitginli hasyly ýygnalýar.
Çärjew, Halaç, Kerki we Köýtendag etraplarynda bu işiň depgini has-da ýokary. Indi köp ýyllardan bäri şaly ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan tejribeli şalyçylaryň gazanýan netijeleri bolsa köpler üçin nusga alarlyk. Ýeri gelende aýtsak, welaýatyň ähli etraplarynda şaly ekilýär.