Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 20-nji tapgyr: «Şagadam» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşykda pökgi geçirilmedi

20:5921.10.2020
0
3959

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda «Şagadam» bilen «Köpetdag» birek-biregiň derwezesine barýan göni ýoly tapmadylar. Şeýlelikde, duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Ýaryş tertibindäki goňşy toparlaryň özara duşuşygyndan soň «Şagadamyň» utugy 31-e, «Köpetdagyňky» 28-e çykdy.

“Şagadam” – “Köpetdag” – 0:0

Duýduryş: 75 Baýramgeldi Nurlyýew.

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň