Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2021-nji ýylyň önümçilik senenamasyny işläp taýýarlady. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Resminama görä, ş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy;
8-nji mart - Halkara zenanlar güni;
21-22-nji mart - Milli bahar baýramy;
18-nji maý- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
13-nji maý- Oraza baýramy;
20-21-22-nji iýul - Gurban baýramy;
27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
6-njy oktýabr - Hatyra güni;
12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni.
Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.
Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.
Beýan edilenler bilen baglylykda, 2021-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:
40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,0
36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5.