HPG Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ykdysadyýeti ösdürmäge bagyşlanan wideoduşuşygy geçirdi

23:5319.10.2020
0
6059

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. Bu barada TDH habar berýär.

HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle wajyp meseleleri çözmek, makroykdysady durnuklylygy goldamak bilen birlikde, okgunly ösüşi üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.

Şunda Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan we häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýän koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek.

Döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi saklanýar we halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň