Altymyrat Annadurdyýew möwsümdäki 20-nji, çempionat karýerasyndaky 100-nji pökgüsini geçirdi

13:5318.10.2020
0
4890

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we paýtagtyň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew milli çempionatymyzyň 19-njy tapgyrynda «Energetik» bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlandy. Duşuşyk şol geçirilen pökgüler bilen hem «Altyn asyryň» peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, Altymyrat Annadurdyýew çempionatyň şu möwsüminde geçiren pökgüleriniň sanyny 20-ä tegeläp bilen ilkinji futbolçy boldy. Ol bu netije bilen möwsümde iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda birinji orny eýeleýär.

«Altyn asyryň» ezber hüjümçisiniň iň ýakyn bäsdeşi «Ahaldan» Elman Tagaýewdir. 19-njy tapgyrda «Köpetdagyň» derwezesine hem bir pökgi geçiren Elman Tagaýew möwsümdäki pökgüleriniň sanyny 12-ä çykardy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň çempionatynyň şahsy rekordy Sergeý Kazankow bilen Rejepmyrat Agabaýewe degişlidir. Bu iki futbolçy 1992-nji we 1995-nji ýyllaryň futbol möwsümlerinde 41 gezek tapawutlanmagy başarypdylar. Türkmen futbolynyň başga bir ýyldyzy Berdi Şamyradow bolsa alty möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolan ýeke-täk oýunçydyr.

Bir derwezä 40 pökgi

Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýewiň geçiren ilkinji pökgüsi şu möwsümde «Energetigiň» derwezesine girizilen 40-njy gol boldy. Ýeri gelende aýdylmaly bolsa, Altymyrat Annadurdyýew möwsümde geçiren 20 pökgüsiniň 7-sini «Energetigiň» derwezesinden geçirdi. Ol möwsümdäki ýeke-täk pokerini hem «Energetik» bilen bolan duşuşykda amala aşyrypdy.

Dördünji dürs jerime

19-njy tapgyrda «Energetik» bilen geçirilen duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew ikinji pökgüsini 11 metrlik jerime urgusyndan girizdi. Şeýlelikde, ol Ýokary liganyň şu möwsüminde 11 metrlik urgularynyň dördüsini dürs ýerine ýetiren iki futbolçynyň biri boldy. Mundan öň diňe Elman Tagaýewde («Ahal») dört sany dürs jerime urgusy bardy.

Alty möwsüme ýerleşen 100 gol

Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew başga-da bir üstünligi gazandy. Has takygy, şu duşuşykda geçiren ilkinji pökgüsi Altymyrat Annadurdyýewiň Türkmenistanyň çempionatynda geçiren 100-nji pökgüsi boldy.

Altymyrat Annadurdyýewiň Ýokary ligada ilkinji gezek 2015-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde oýnap başlandygyny bilýäris. Ol şol möwsümde 22 pökgi geçirip, uly futboldaky iň gowy netijesini gazanypdy. Şondan soňky möwsümleriň birinde-de ol 22 pökgülik sepgide ýetip bilmedi. Ýöne heniz 9 tapgyry öňde duran şu möwsümde bu rekordyň täzelenäýmegi mümkin.

2016-njy ýylda «Altyn asyryň» düzümine goşulan Altymyrat Annadurdyýew möwsüme şikes bilen başlasa-da, 15 pökgi geçirmäge ýetişdi. Şeýle hem ol çempionatda 2017-nji ýylda 13, 2018-nji ýylda 19, 2019-njy ýylda 12 gezek tapawutlandy. Diýmek, ezber hüjümçi häzir soňky bäş möwsümiň içinde iň gowy netijäni görkezýär. Onuň uly futboldaky iň gowy netijesine hem bary-ýogy üç ädim galdy.

Ýokary ligadaky alty möwsüminde Altymyrat Annadurdyýew 2018-nji ýylda çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň