Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky himiýa zawodynda önümçiligiň mukdary artýar

21:4817.10.2020
0
10629

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň 9 aýynda öndürilen mineral dökünleriň mukdary 302 müň 600 tonna ýetdi. Şeýlelikde 9 aýlyk meýilnama 100 göterimden gowrak ýerine ýetirildi.

Kükürt kislotasy sehinde hem işler döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Beýleki himiýa kärhanalaryndan gelýän talaplara laýyklykda zawodda şu ýyl kükürt kislotasynyň 74 müň tonna golaýy öndürildi. Kükürt kislotasy zawoda 2018-nji ýylda getirilen täze, döwrebap wagonlar bilen daşalýar. Bu ýerde oba hojalygy üçin zyýansyzlandyryjy serişde bolan kükürtli himiki serişdäniň önümçiligi 9 aýda 2 müň 300 tonna ýetdi.

Gyýanlyda polimer zawodynyň işläp başlamagy bilen, himiýa zawodynda polietilen turbalaryň önümçiligi boýunça hem ösüş mesaňa göze ilýär. Ozal daşary ýurtlardan getirilen çig malyň, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan ýerli zawoddan alnyp başlanmagy Türkmenabatdaky zawod üçin hem uly ýeňillik boldy.

Zawodda lukmançylyk, tehniki kislorod öndürmek işi we «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bilen akkumulýator önümçiligi hem okgunly alnyp barylýar. Umuman, bu ýerde ýylyň 9 aýynda 77 million 870 müň manatlyk iş edildi. Bu bolsa ýyllyk meýilnamanyň 121 göterim berjaý edilendigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň