Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda «Energetik» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynda 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşykdaky pökgüleriň ikisini hem möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Şeýlelikde, ol möwsümde 20 pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy.
Bu duşuşykdan soňra utugyny 46-a çykaran «Altyn asyr» bassyr ýedinji çempionlygyna ýene bir ädim ýakynlaşdy. «Energetigiň» bolsa 8 utuk bilen ýaryş tertibiniň ahyrky basgançagynda galandygyny ýatladýarys.
“Energetik” – “Altyn asyr” – 0:2
Gollar: Altymyrat Annadurdyýew 30, 90+3 (11 m.j.u.).
Duýduryşlar: 75 Rahmet Şermetow, 75 Mekan Ataýew, 82 Parahat Jumanazarow, 90+2 Gurbanmyrat Jumagulyýew ― 35 Mekan Saparow, 60 Ahmet Ataýew, 69 Zafar Babajanow, 84 Selim Ataýew.
Geçirilýen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).