Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Altyn asyr» myhmançylykda ýaryşyň soňky ornundaky topardan üstün çykdy

18:3717.10.2020
0
7195

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda «Energetik» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynda 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykdaky pökgüleriň ikisini hem möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Şeýlelikde, ol möwsümde 20 pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 46-a çykaran «Altyn asyr» bassyr ýedinji çempionlygyna ýene bir ädim ýakynlaşdy. «Energetigiň» bolsa 8 utuk bilen ýaryş tertibiniň ahyrky basgançagynda galandygyny ýatladýarys.

 “Energetik” – “Altyn asyr” – 0:2

Gollar:  Altymyrat Annadurdyýew 30, 90+3 (11 m.j.u.).

Duýduryşlar: 75 Rahmet Şermetow, 75 Mekan Ataýew, 82 Parahat Jumanazarow, 90+2 Gurbanmyrat Jumagulyýew ― 35 Mekan Saparow, 60 Ahmet Ataýew, 69 Zafar Babajanow, 84 Selim Ataýew.

Geçirilýen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň