Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendemirýollary» «Transmaşholdingden» iki sany teplewoz satyn alar

02:3617.10.2020
0
13441

«Türkmendemiryollary» AGPJ Russiýanyň « Transmaşholding» paýdarlar jemgyýetinden iki sany dizel teplewozyny satyn alar. Bu barada türkmen demir ýol kompaniýasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Ikitaraplaýyn geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlisde ýörite resminama gol çekildi. Oňa laýyklykda ýurdumyza 2TE25 KM kysymly lokomotiwler getiriler.

Wideoşekilli pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar emele gelen netijeli hyzmatdaşlyga özara kanagatlanma bildirdiler, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, geljekde tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça şertnamalary baglaşmaga hem döwtalapdyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tehniki işgärlerini taýýarlamak barada gepleşikler geçirildi.

«Transmashholding» paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň ulag inženerçilik bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň