Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan konstitusion özgertmelere laýyklykda hem-de dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hem-de «Döredijilik birleşmeleri hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Raýat, Administratiw we Arbitraž iş ýörediş kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, degişli halkara tejribe öwrenilip, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelýän teklipler esasynda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, Zähmet kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksini we beýleki kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär, onda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň birnäçesine seretmek göz öňünde tutulýar.