Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň 2021 ― 2023-nji ýyllar aralygyndaky Hereketler Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy

22:0816.10.2020
0
5894

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin häzirki wagtda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, ony ady agzalan gurama ibermek hem-de oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda ÝUNESKO-nyň hünärmenleri bilen degişli maslahatlaşmalary geçirmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer ― Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Hyzmatdaşlykda täze ugurlaryň açylmagyny, hususan-da, sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ugurlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Milli toparynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler maksadalaýyk hasaplanylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Ol Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda bu netijeli gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, olaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň