«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kiýewiň "Borispol" howa menzilinden uçan Boeing 777-200LR uçary giç agşam Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy.
T53276 ýörite uçuşy, esasan, Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerini gutaryp, koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler sebäpli bu ýurtda galmaga mejbur bolan 200-den gowrak türkmen raýatyny Ukrainadan getirdi.
Türkmenistan Ukrainadaky talyplarynyň sany boýunça ilkinji onluga girýär: bu ýurtda 4 müňden gowrak watandaşymyz bilim alýar.
Türkmen raýatlarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary bilen öz Watanyna tapgyrlaýyn getirilmegi Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar.
Gelen ähli raýatlar hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Öň hökümet COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik türkmen raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Türkmenabadyň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty bolsa Özbegistandan gury ýer üsti bilen öz Watanyna gaýdyp geldi.
Ýakyn wagtda watandaşlarymyzyň Azerbaýjandan, Gazagystandan we ÝB-niň ýurtlaryndan nobatdaky getirilişi guralar.