Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Halkara ýanyk kesellerini bejeriş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:3810.10.2020
0
19367

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda açylan Halkara ýanyk kesellerini bejeriş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan häzirki zaman bäş gatly merkeziň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu merkez 130 adama niýetlenendir. Şol sanda 20 sany çaga, ulularyň 80-si bu ýerde bejerhi alyp biler. Galan 30 irun bolsa hirurgiýa we reanimasiýa bölümlerinde ýerleşýär.

Merkez «Tiz kömek» hyzmaty arkaly kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, reabilitasiýa, endoskopiýa, dezinfeksiýa we stasionar bejeriş bölümlerini hem öz içine alýar. Alty näsaga bir wagtda lukmançylyk amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän basyş kameralary hem oturdyldy. Bu kameralar arkaly ýanyk şikeslenmeleri bilen ýüz tutan adamlary iň döwrebap usullar bilen bejermek mümkinçiligi bar.

Milli Liderimiz halkara merkeziň bölümleriniň birnäçesine baryp gördi. Bu ýerde lukmanlar döwrebap enjamlaryň işleýşi we beýleki mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar döredilen şertler üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň