Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Salkyn Otag” kompaniýasynda hil dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak barada okuw çaresi geçirildi

16:1909.10.2020
0
13542

"Hil dolandyryş ulgamynyň içerki gözegçisi" atly maglumat we maslahat beriş okuwy,  "Salkyn Otag" kompaniýasynyň howa enjamlaryny satýan we hyzmat edýän hünärmenlerine we ýolbaşçylaryna berildi. Maslahat beriş okuwyny - gözleg, barlag, synag we sertifikatlaşdyrmak boýunça dünýä belli SGS kompaniýasy geçirdi.

“Salkyn otag” howa enjamlaryny satýan we hyzmat edýän kompniýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin “Hil dolandyryş ulgamynyň içerki auditory” atly maglumat we maslahat beriş okuw çäresi geçirildi. Bu okuw çäresini gözleg, barlag, synag we sertifikatlaşdyrmak ugurlary boýunça dünýä belli SGS atly kompaniýasy geçirdi.

Okuw çäresiniň esasy maksady, gatnaşyjylara halkara ISO 9001:2015 standartyna esaslanýan hil üpjinçilik ýörelgelerini düşündirmekligi öz içine aldy. Bu çäre ISO 9000 we ISO 19011 bölümleriň talaplaryna esaslandy.

Çäräniň maglumat we maslahat beriş bölümi leksiýalardan, hakyky  meseleleriň derňewinden we amaly okuwdan ybarat boldy. Okuwa gatnaşyjylar hil dolandyryş ulgamynda içerki auditoryň möhüm orny bilen şeýle-de içerki gözegçileriň jogapkärçilikleri bilen tanyşdylar.

 “Salkyn otag” kompaniýasynyň hünärmenleri aşakdaky başarnyklary ele aldylar:

• Maglumatlary dogry ýygnamak we derňemek;
• Hil dolandyryş ulgamynyň içerki barlagynyň netijelerine baha bermek we  hasabatlandyrmak;
• Içerki resminamalaşdyrylan kadalara esaslanýan hil dolandyryş ulgamynyň içerki barlagyny meýilleşdirmek we guramak. 

Kompaniýada hereket edýän içerki dolandyryş ulgamy,  işewürlik proseslerini gowulandyrar we kadalaşdyrar şeýle-de “Salkyn Otag” hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň kanagatlanma derejesini ýokarlandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň