Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gepatit C wirusyny açan alymlara Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy berildi

19:3506.10.2020
0
10039

Stokgolmda dowam edýän Nobel hepdeliginde ilkinji baýraklar fiziologiýa we lukmançylyk ugurlaryna berildi. Amerikaly Harwi Olter, Çarlz Raýs we Britaniýaly Maýkl Hafton Gepatit C wirusyny açanlygy üçin, Nobel baýragyny aldylar. 

1989-njy ýylda açylan Gepatit C wirusy barada  Olter, Raýs we Hafton birnäçe möhüm gözlegleri amala aşyrdylar.

Nobel komitetiniň metbugat beýanatyna görä, gepatiф C wirusynyň açylmagy wirus kesellerine garşy göreşde möhüm tapgyrdyr. Bu açyş, gan goýbermek arkaly ýokuşma howpuny azaltmak üçin ýokary duýgur gan derňew usullaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Bilermenleriň pikiriçe,  Gepatit C wirusynyň açylmagy wirus üçin täsirli dermanlaryň öndürilmegine badalga berdi.

Gepatit C esasan, bagryňa täsir edýän wirus keseli bolup durýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä, dünýäde takmynan 71 million adam dowamly gepatit C-den ejir çekýär. Alymlar entek täsirli bejergini döredip bilmediler, ýöne bu ugurda henizem gözleg işleri alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň