Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasy bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnamasy bar. Resminama laýyklykda, Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşogzuň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnjäçe önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow 2-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Meýilleşdirilen işleri amala aşyrmak üçin türkmen hünärmenleri tarapyndan dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar, täze önümçilikleriň enjamlaşdyrylmagyny bolsa “Cormatex Srl” kompaniýasy üpjün eder.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde türkmen dokmasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň we dünýäniň iň oňat tejribesini peýdalanmagyň esasynda, bu ulgamyň depginli ösdürilmegi netijesinde, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem öz bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli artdyrýandygyny nygtady.
Dokma senagaty ägirt uly serişde kuwwaty babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösüşiniň nusgasyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşi yzygiderli giňeldilip, daşary ýurtly öndürijileriň önümleriniň ýerini ynamly eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil we ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen hünärmenleri içerki bazaryň isleglerini öwrenmek bilen, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, eşikleriň täze görnüşlerini hem-de beýleki harytlary işläp taýýarlamalydyrlar we önümçilige goýbermelidirler diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.