Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020, 15-nji tapgyr: «Köpetdag» «Energetigi» goşmaça minutlardaky gol bilen ýeňdi

19:5902.10.2020
0
6477

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» Marynyň «Energetigini» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiş pökgüsini duşuşygyň 92-nji minudynda Resul Mahmudow geçirdi.

Şeýlelikde, Tofik Şükürowyň şägirtleri bassyr dört duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. «Energetik» bolsa möwsümde 11-nji utulyş bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy.

15 duşuşykda 23 utuk toplan «Köpetdag» ýaryş tertibiniň dördünji basgançagynda. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň «Şagadam» bilen üçünji orun ugrundaky göreşmäge mümkinçiligi bar. Eger şu ýyl Türkmenistanyň çempiony bilen Kubogyň eýesi şol bir topar bolsa, üçünji orny eýelän topara hem indiki ýyl AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda ýaryşmaga mümkinçilik dörär.

8 utukly «Energetik» bolsa ýaryşyň iň aşaky basgançagynda.

Indiki tapgyrda toparlaryň ikisi hem myhmançylykda çykyş eder. Has takygy, «Köpetdag» «Aşgabadyň», «Energetik» bolsa «Merwiň» myhmany bolar.

Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry 3-nji oktýabrda «Altyn asyr» — «Merw» we «Ahal» — «Nebitçi» duşuşyklary bilen dowam eder. Bu duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabat şäherinde geçiriler.

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabry. «Köpetdag» stadiony (Aşgabat).

«Köpetdag» — «Energetik» — 1:0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň