Türkmenistan halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmasyny 31-nji oktýabra çenli uzaltdy

12:0101.10.2020
1
36347
Türkmenistan halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmasyny 31-nji oktýabra çenli uzaltdy

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler we täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar wagtlaýynça togtadylýar:

  • Aşgabat – Stambul – Aşgabat
  • Aşgabat – Moskwa – Aşgabat
  • Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat
  • Aşgabat-Kazan-Aşgabat
  • Aşgabat-Minsk-Aşgabat
  • Aşgabat-Almaty-Aşgabat
  • Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat
  • Aşgabat-Birmingem-Aşgabat
  • Aşgabat-Amritsar-Aşgabat
  • Aşgabat-Deli-Aşgabat
  • Aşgabat-Dubaý-Aşgabat
  • Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat
  • Aşgabat-Pekin-Aşgabat
  • Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Şeýle hem habarnamada, biletler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabra çenli hereket edýär. Mundan başga-da, ýatyrylan uçuşlardan ýolagçylar bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin biletini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Eger gatnaw bolmaýan bolsa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde puluny yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň