Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Belarusdan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy

20:1728.09.2020
0
14112
Türkmenistan Belarusdan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy

Dünýäde emele gelen koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlary yzygiderli Watanymyza gaýdyp gelýärler. Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallasy bilen Belarusdaky türkmen raýatlarynyň üçünji tapgyry geldi. Belarusdan amala aşyrylan 3-nji gatnawdaky “Boeing – 737 – 800” uçary bilen 102 raýatymyz Türkmenabat şäherine geldiler. Ol bu ýerde iki hepdelik karantin çärelerine tabyn boldular.

Ýurdumyza gelen raýatlarymyzyň esasy bölegi Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilimini tamamlan, wagtynda ata Watanymyza gelip bilmedik ýaşlarymyzdyr.

Bu gatnaw bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German hem bardy.

Türkmenistana tapgyrma-tapgyr daşary ýurtlardan getirilýän raýatlarymyz babatda Belarus boýunça 3-nji gatnaw amala aşyrdy. Belarusdan 526 raýatymyz ýurdumyza geldi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen raýatlary Türkiýeden, Belarusdan, Hindistandan hem-de Russiýadan getirildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň