26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Ilçihanasyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol Gruziýanyň halkynyň türkmen halkyna hem-de onuň taryhynyň şanly senesine – ýurdumyzda şu gün bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna hormatynyň nyşany boldy.