Türkmenistanyň raýatlary üçin Belarusdan ýene bir uçuş amala aşyrylar

13:1927.09.2020
0
19088
Türkmenistanyň raýatlary üçin Belarusdan ýene bir uçuş amala aşyrylar

«Türkmenhowaýollary» gullugy 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky raýatlary üçin ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sowal-jogap gullugynyň habar bermegine görä, bu uçuş «Boeing 737-800» uçary bilen Minsk — Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrylar.

Bu uçuş Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylar.

Ýurdumyza getirilen raýatlarymyz iki hepdelik karantinde bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň