Türkmen polipropileni Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa ugradyldy

11:0725.09.2020
0
8706

«KTZ Express» ulag we logistika kompaniýasy Türkmenbaşy halkara deňiz portundan ilkinji gezek ýük daşady. «Gazagystanyň demirýolçusy» neşiriniň ýazmagyna görä, bu ýük — polipropilen Aktao portunyň üsti bilen Hytaýyň Sindao şäherine alnyp gidildi.

Polipropilen ýükli ilkinji tapgyr 24 sagadyň içinde Türkmenbaşy portundan Aktao portuna baryp ýetdi. 48 konteýnere ýüklenen polipropilen soňra Hytaýa alnyp gidilmek üçin Gazagystanyň serhetýaka Altynkol demir ýol menziline eltildi. Otly Sinado çenli 7500 kilometr aralygy 10 günde geçer.

Türkmenistanda öndürilen polipropileni Hytaýa daşamak üçin wagt we tygşytlylyk taýdan amatly bolan bu ugur iki portuň ýük kabul etmek we ugratmak boýunça mukdaryny hem artdyrýar. Synag hökmünde geçirilýän ilkinji tapgyr üstünlikli tamamlanansoň, taraplar bu gatnaw ugry boýunça yzygiderli ýük daşamagy meýilleşdirýärler.

Gyýanlydaky Polimer zawodynda öndürilýän bu gymmatly önümiň içerki bazar bilen birlikde dünýä döwletleriniň ençemesine eksport edilýändigini hem aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň