Berdimuhamedow Lukaşenkony Belarusyň Prezidentligine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

23:3723.09.2020
0
8261

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda Belarusuň ähli halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

9-njy awgustda geçirilen Prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko sesleriň 80,1 göterimini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň