Arhiw

Türkmenistanyň futbol Kubogy ugrundaky ýaryş 27-nji oktýabrda başlanar

17:3522.09.2020
0
4110

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň senenamasyny paýlaşdy. Ozal hem habar berlişi ýaly, çärýek finaldan başlanjak ýaryşa Ýokary liganyň sekiz wekili gatnaşar.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 27-nji we 28-nji oktýabr günleri geçiriler. 6-7-nji nobarda bolsa toparlar jogap duşuşyklaryny geçirerler.

Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklary 28-nji noýabrda we 2-nji dekabrda bolar. 7-nji dekabrda bolsa Kubogyň eýesi belli bolar.

Türkmenistanyň Kubogy — 2020, çärýek final.

Ilkinji duşuşyklar

27-nji oktýabr (sişenbe)

«Ahal» (Änew)  – «Aşgabat» (Aşgabat)

«Köpetdag» (Aşgabat) – «Merw» (Mary) 

28-nji oktýabr (çarşenbe)

«Şagadam» (Türkmenbaşy) – «Nebitçi» (Balkanabat)

«Altyn asyr» (Aşgabat) – «Energetik» (Mary welaýaty) 

Jogap duşuşyklary

6-njy noýabr (anna)

«Merw» (Mary)  –  «Köpetdag» (Aşgabat) 

7-nji noýabr (şenbe)

«Aşgabat» (Aşgabat)  –  «Ahal» (Änew) 

«Energetik» (Mary welaýaty)  –  «Altyn asyr» (Aşgabat) 

«Nebitçi» (Balkanabat)  –  «Şagadam» (Türkmenbaşy).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň