“Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi — diýip, TDH habar berýär.
Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag-üstaşyr ulgamda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar.
Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýoluň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugur boldy.
Maslahata gatnaşyjylar Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak hem-de maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Täze polat ýoluň umumy uzynlygy 173 kilometre barabar bolar. Ýoluň ugrunda 4 sany demir ýol menzillerini, aragatnaşyk hem-de habardar ediji ulgamlaryny, beket meýdançasyny we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär. Halkara maliýe guramalary, şol sanda Aziýanyň ösüş banky we Yslam Ösüş banky bilen uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek hakynda gepleşikler geçirilýär.
“Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan bu ulag ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi bolan Serhetabat bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli bolan 6 kilometrlik böleginiň taslamasy taýýarlanyldy. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 4,420 kilometr aralykda toprak we çäge-çagyl galyndylaryny düşemek işlerini ýerine ýetirdi. Şeýle hem 11 müňden gowrak demirbeton şpallary taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan inženerçilik taslama-gözleg işleri tamamlandy. Munuň özi Serhetabat bilen Turgundy demir ýolunyň guryýer portunyň arasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy üçin zerur bolup durýar. Umumy uzynlygy 176,8 metre deň bolan bu desganyň gurluşygy “Demirýollary” AGPJ-niň köpri gurluşygy boýunça şahamçasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Onuň taslama-nyrh resminamalaryny taýýarlamak işlerine girişildi.
Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olara täze logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli aralykda halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmündäki ornunyň pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tutuş sebitiň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbidine laýyk gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriň möhüm ugurlarynyň ylalaşylmagyna kömek berýän wideomaslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.