Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň çempionaty: «Şahtýor» Ruslan Mingazowyň pasy bilen utulyşdan halas boldy

21:1020.09.2020
0
4334

Gazagystanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde «Astana» we «Şahtýoryň» arasynda geçirilen duşuşykda ýeňiji kesgitlenilmedi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

62-nji minutda «Astananyň» ermenistanly ýarym goragçysy Tigran Barsegýanyň özüne geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdiren kiprli hüjümçi Pýeros Sotiriu paýtagt şäheriň toparyny hasapda öňe geçirdi.

«Şahtýoryň» geçiren jogap pökgüsinde türkmenistanlt ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň uly paýy bar. Şikesden sagalyp, şu duşuşygyň 56-njy minudynda oýna giren ildeşimiz 71-nji minutda Aýdos Taltybaýewiň geçiren deňlik pökgüsiniň pasyny berdi.

Şeýlelikde, bu duşuşykdan soňra utugyny 12-ä çykaran «Şahtýor» ýaryş tertibinde ýedinji basgançagy eýeleýär.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň