Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzümleriniň Türkmenistandaky wekilhanalary BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy, şeýle-de pandemiýa şertlerinde Hökümet bilen bilelikde birleşen tagallalary durmuşa geçirjekdikleri barada beýan kabul etdiler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi web saýty habar berýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy mynasybetli “Netijeli hyzmatdaşlyk arkaly COVID-19-a garşy göreşmek babatynda ygrarlylygymyzy tassyklaýarys”.
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda "Biziň arzuwlaýan geljegimiz, biziň isleýän Birleşen Milletler Guramamyz, netijeli hyzmatdaşlyk tagallalar arkaly COVID-19-a garşy köptraplaýyn göreşmek babatynda ygrarlylygymyzy tassyklaýarys" atly global mowzukda Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyny belläris.
Biz, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda we Türkmenistan bilen bilelikde işleýän guramalary global pandemiýa garşy göreşmek, onuň zyýanly netijelerini azaltmak we türkmen halkynyň bu ýagdaýdan gaýtadan dikelişi üçin edýän bilelikdäki tagallalarymyzy görkezmek üçin birleşýäris. Biz diňe üstünliklerimizi we geljekdäki meýilnamalarymyzy paýlaşmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli hyzmatdaşlarymyz we halk köpçüligi bilen işimizi mundan beýläk ösdürmegiň ýollaryny hem ara alyp maslahatlaşmak isleýäris.
BMG-niň Türkmenistandaky ulgamy dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýyň başlanyndan bäri Hökümet, raýat jemgyýetleri, milli hyzmatdaşlar we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Biz Türkmenistanyň Hökümetine “Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çareleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny”, şeýle hem “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny” işläp düzmäge ýardam etdik. Iki Meýilnama hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan iň ýokary derejede tassyklandy. BMG pandemiýanyň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak we Türkmenistanyň ilatyna onuň ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak maksady bilen, bu Meýilnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermägi dowam eder.
BMG “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynda” agzalan ilatyň durmuş taýdan ynjyk gatlagyna: aýýalara, saglyk işgärlerine, gartaşan we lukmançylyk şertleri bolan adamlara, ýalňyz ýaşaýan adamlara, kyn ýaşaýyş ýagdaýda ýaşaýan adamlara, ýaşlara, çagalara, migrant işgärlere, maýyplygy bolan adamlara, internatda ýaşaýan adamlara, uzakda ýaşaýan adamlara, raýatlygy bolmadyk adamlara we agyr ykdysady şertlerde ýaşaýan adamlara COVID-19-yň ýetirýän täsiri barada aýratyn alada edýär. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, ilatyň bu toparlary goşmaça goldawa mätäç bolýarlar.
Biz COVID-19-y ýeňip geçeris, emma biz has adalatly, inklýuziw, durnukly, howpsuz we sagdyn dünýäni gurmalydyrys. Durnukly Ösüş Maksatlary we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň On ýyllyk tagallalaryna laýyklykda, biz, hiç bir toparyň yzda galmazlygy üçin bilelikde işlemelidiris.
Ýakynda geljek günlerde we hepdelerde, 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG gününiň öňüsyrasynda, biz, internet serişdeler we web sahypalarymyz arkaly BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistan halkynyň bähbidi üçin Hökümete berýän utgaşdyrylan goldawy barada maglumatlary Siziň bilen paýlaşarys. Hyzmatdaşlarymyzy we halk köpçüligini geljegimizi bilelikde gurmak ugrundaky hyzmatdaşlyga çagyrýarys.