Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri TOPH we beýleki bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdylar

22:1418.09.2020
0
7320

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy — diýip, TDH ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda soňky ýyllarda dostlukly, ynamly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygy hem-de taraplaryň uly kuwwatynyň we özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýar bolmagy netijesinde ösdürilýändigi nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we mümkinçiliklerine hem-de häzirki dünýä meýillerine garaýyşlardaky özara düşünişmek bilen şertlendirilendir.

Şu babatda pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler syýasy ugurda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Hökümetine dünýä giňişliginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Şol başlangyçlar tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti aýratyn bellenildi, bu ugurda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasy strategik esasy düzýär. Häzir onuň türkmen bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda goňşy ýurduň çäginde işleri çaltlandyrmaga ýardam etjek TOPH-nyň owgan böleginde ýerleri saýlap almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşiniň ýardam etmeginde we goldaw bermeginde ýakyn wagtda Pakistanyň çäginde hem gaz geçirijiniň gurluşygyna başlanjakdygyna umyt bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi bermek bilen, biziň döwletlerimizi hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen has-da jebisleşdirip, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertine öwrüler.

Ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagy döwletara we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzir Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwdanyň görkezijilerini artdyrmak, özara haryt alyş-çalşygyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ýeterlik kuwwata eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyny hem-de haryt dolanyşygynyň depginini bilelikde düýpli öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunda Hökümetara türkmen-pakistan topary öz işini görkezmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda onlaýn görnüşde onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda pikirlerini beýan etdiler. Olaryň halklaryny öňden gelýän ruhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mäkäm esas bolup durýar. Bu babatda medeniýet hem-de sungat, ylym-bilim we lukmançylyk ulgamlarynda yzygiderli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň