«Güneşli Zaman» onlaýn katalogy islegiňe görä gozgalmaýan emläk saýlamaga ýardam berýär

12:1418.09.2020
0
13130

«Güneşli Zaman» kompaniýasy Aşgabadyň gozgalmaýan emläk bazarynda täzeçe hyzmatlary hödürleýän kompaniýadyr.

Onuň web saýtynda diňe bir hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşman, eýsem, islegleriňize laýyk gelýän jaýy basym saýlap bilersiňiz.

Gozgalmaýan emläk bazarynyň 2200-den gowrak desgasyny öz içine alýan «Güneşli Zaman» katalogynda olaryň islän bahaňa, meýdanyna, ýerleşýän ýerine laýyklykda saýlamak üçin doly mümkinçilik dörediilen. Üstesne-de jaýlar barada giň we jikme-jik maglumat berilýär.

Şeýlelikde, bu onlaýn katalogda müşderi aşakdaky hyzmatlar boýunça sanawy görüp biler:

  • Öýler, otaglar;
  • Ähli amatlyklary bolan, gozgalmaýan emläk;
  • Kärende;
  • Täze binalar;
  • Jaý, kottej;
  • Täjirçilik gozgalmaýan emlägi;

Sebit boýunça gözlemek umumy düşündjelerden başlap biler. Munuň üçin şol sebitiň — etrapçanyň adyny ýazmak ýeterlikdir.

Katalogdaky onlaýn süzgüçden peýdalanyp, islän gatyňyzdan otaglaryň sany we görnüşleri boýunça hem saýlap bilersiňiz. Mysal üçin, gözleýän jaýyňyzyň ýatylýan otaglary, hammam we beýleki bölümleri boýunça talaplaryňyzy girizmek mümkinçiligi bar.

Ulanyjy gozgalmaýan emlägi saýlamak kararyna gelende, ulgam oňa ähli otaglaryň bahasyny we suratlaryny hem-de beýleki maglumatlary iberer.

Belli bir jaýy ýa öýi saýlap, tutuş bina ýa-da onuň ýerleşýän ýeri barada hem doly maglumat almak mümkindir. Mysal üçin, öý telefonynyň, WI-FI ulgamynyň, ýakynda mekdebiň, çagalar bagynyň, dükanyň, duralganyň bolmagy ýaly aýratynlyklar barada maglumatlar size elýeterli ediler.

Müşderi bina baradaky ähli maglumatlary onlaýn-katalogdan alyp, galan jikme-jiklikleri anyklamak we şertnama baglaşmak üçin dessine agentlige ýüz tutup biler.

«Güneşli Zaman» ähli işleriň kämil derejede alnyp barylmagyna aýratyn üns berýär. Şeýle hem ol wagtynda baglaşylýan geleşikleri, ýokary hilli hyzmaty wada berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň