Türkmenistanda azyk we sarp ediş harytlary dükanlaryndan başga jemgiýetçilik, hyzmat we sport edara we kärhanalarynyň işine wagtlaýyn çäklendirmeler şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.
15-nji oktýabra çenli jemgyýetçilik hyzmat merkezkezleri, naharhanalarynyň, banket zallary, restoranlar, kafeler we garbanyşhanalaryň we şuňa meňzeşleriň işine wagtlaýyn çäklendirmeler uzaldyldy.
Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmat ediş desgalaryna merkezlerine (kinoteatrlar, teatrlar, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, hammamlar), sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), eýeçilik görnüşlerine garamazdan we oýun merkezlerine gysga möhletli kurslarada degişlidir.
Şol bir wagtyň özünde, jemgiýetçilik hyzmatlar pudagynda dellekhana we tikin ateyeleriniň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, ozal bu desgalara berlen iş rugsady 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Dellekhana we tikinçilik ateleýlerei, häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek we 09: 00-dan 20: 00-a çenli iş tertip bilen işläp bilerler.