Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy taraplary güýçlendirilýär

17:1612.09.2020
0
5015

Ozal hem habar berlişi ýaly, 9-njy sentýabrda Türkmenistan pagta ýygymyna badalga berildi. 11-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde aýdylyşy ýaly, pagtaçylara kömek bermek üçin welaýatlara alymlardan we tejribeli hünärmenlerden ybarat ýörite toparlar iberildi.

Ýokary hünär endikleri we tejribesi bilen birlikde, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlaryň elektron enjamlary aýratyn bilimi, şol sanda informatikanyň esaslaryny talap edýär diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de oba hojalyk pudagy üçin hünärmenleri okatmak, taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň