Soňky habarlar

Arhiw

Resmi: AFK-nyň kubogy — 2020 ýatyryldy

21:4310.09.2020
0
4235

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň kubogy — 2020 halkara ýaryşyny ýatyrmak barada belli karara geldi. Bu barada AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

Şeýle hem konfederasiýa käbir beýleki halkara ýaryşlar barada täze netijelere geldi. Olarda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Bahreýnde, 19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilmeli Aziýa çempionatlary 2021-nji ýyla geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşyna ýurdumyzdan «Altyn asyr» wekilçilik etmelidi. Şeýle hem ýurdumyzyň futzal boýunça çempionaty «Köpetdagyň» gatnaşmagynda geçiriljek klublaýyn yklym ýaryşy 2021-nji ýyla geçirildi.

AFK Çempionlar ligasynyň oýunlaryny bolsa geçirmegi makul bildik. Konfederasiýanyň onlaýn görnüşdäki indiki mejlisi 9-njy dekabrda geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň