Wagit Alekperow: "Lukoýl" Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga hemişe açyk"

23:5109.09.2020
0
4917
Wagit Alekperow: "Lukoýl" Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga hemişe açyk"

TNGIZT-da täze energiýa desgalarynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda çykyş eden “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperow döwlet Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze elektrik desgalarynyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, işewür munuň Türkmenistan üçin möhüm waka boljakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň maýa goýujylar üçin açyklygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän parasatly, öňdengörüji syýasatyňyz netijesinde ýurduňyz ykdysady ösüşde, şol sanda nebitgaz pudagynda uly üstünliklere eýe boldy diýip, Wagit Alekperow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, işläp gelýän ýyllarynyň dowamynda “Lukoýl” kompaniýasy öňdebaryjy tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary, şol sanda Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde tejribe toplady we Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Russiýanyň we Türkmenistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny nygtap, Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmek babatynda alyp barýan köpugurly döwlet işlerinde tüýs ýürekden üstünlikleri arzuw etdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň