Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutdy

23:4909.09.2020
0
13301

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy — diýip, TDH habar berýär.

TNGIZT-de gurulýan gaz turbinaly energiýa desgalary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda bina edilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer.

Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Bu täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de ýokarda agzalan Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulyp, geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz hem-de ygtybarly üpjün etmäge ýardam .

Şolaryň biri hem häzirki döwürde zawodlar toplumynda gurluşygy alnyp barylýan haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasydyr. Bu desganyň işe girizilmegi nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň hilini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň zerur möçberlerini öndürmäge we goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň