Türkmenistan ýörite uçar bilen Russiýadaky raýatlaryny getirdi

12:0109.09.2020
0
41003

Şu gün irden «Türkmenhowaýollarynyň» Boeing-777-200LR kysymly uçary bilen Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlarynyň bir topary Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziline getirildi.

«Turkmenportala» berlen habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşygyryna laýyklykda guralan bu ýörite uçuş bilen watandaşlarymyzyň 272-si ýurdumyza getirildi.

BSGG-niň düzgünlerine görä, olar Türkmenabat şäherindäki saglyk merkezlerinde iki hepdelik karantin gözegçiliginde bolarlar.

Mundan ozal türkmen awiakompaniýasynyň ýörite uçuşlary bilen Belarusdan we Hindistandan hem watandaşlarymyzyň getirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň