Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenhowaýollarynyň» başlygyna berk käýinç yglan etdi

23:4608.09.2020
0
47422

Türkmenistanyň Prezidenti täze gelen oba hojalyk tehnikalary we paýtagtda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň dowamynda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.

Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan işleriň netijeleri, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn, şol sanda maliýe goldawynyň berilýändigine, salgyt tölemekde ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi.

Milletiň Lideri işleriň şeýle ýagdaýyna nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň