«Häzirki döwürde emele gelýän ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl we geljek ýyl üçin çaklamalaryny taýýarlamak zerurdyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrda ýylyň sekiz aýyny jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýer G.Müşşikowa geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyryp, bu resminamalary Halk Maslahatynyň öň ýanynda ara alyp maslahatlaşar ýaly, Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine hödürlenilmelidigini belledi.
Şeýle hem milletiň Lideri ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, täze iş orunlaryny döretmek baradaky meselelere gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek boýunça pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini hem üns merkezinde saklamalydygyny belledi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen çäreleriň ýerlerde ýerine ýetirilişine hem-de sebitler we paýtagtymyz üçin berilýän býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Wise-premýer G.Müşşikowyň hasabat berşi ýaly, ýanwar — awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy.