3-nji sentýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow italýan kärdeşi Serjio Mattarellany özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy — diýip, TDH habar berýär.
Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Italiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ol degişli şertler emele gelen wagtynda ýurdumyza gelip görmäge tüýs ýürekden şatdyr.
Prezident Serjio Mattarella türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň derejesine we many-mazmunyna ýokary baha berip, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, medeni çäreleri guramak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça türkmen Lideriniň öňe süren ähli tekliplerini doly goldaýandygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ähli teklipler düýpli öwreniler hem-de durmuşa geçirmek üçin Italiýanyň Hökümetine berler.