Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Italiýada Margiana we Parfiýa şalyklaryna bagyşlanan sergileri ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär

12:4904.09.2020
0
11637

3-nji sentýabrda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berdiler — diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Italiýa hem-de Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasa eýedir, munuň özi netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem-de italýan hünärmenleriniň ýurdumyzyň birnäçe binagärlik ýadygärliklerinde alyp barýan köpýyllyk işleri şol gatnaşyklary has-da baýlaşdyrýar.

Geljekde hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýän bu işler Italiýanyň esasy ylym hem-de bilim merkezleri bolan Boloniýa uniwersiteti hem-de arheologiýa barlaglary we gazyp-agtaryşlar boýunça Turin merkezi bilen baglaşylan degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz bu ugurdaky toplanylan oňyn tejribäni nazarda tutup, Germaniýada guralan “Margiana — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamyň şalygy” atly sergi ýaly Italiýada hem arheologiýa sergisini hem-de gadymy Parfiýanyň taryhy gymmatlyklarynyň sergisini guramagy meýilleşdirmek baradaky pikiri beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ugurdaş bölüm ýene bir ýokary okuw mekdebinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açyldy. Mundan başga-da, şu okuw ýylynda italýan dili Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinde okadylyp başlanyldy.

Milletiň Lideri ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistan — Italiýa” Medeni hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň maksada-laýyk boljakdygyny belledi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde hyzmat edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň