Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

01:2203.09.2020
0
14418

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi — diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

goranmak ministri B.Gündogdyýew milli goşunyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe we harby gulluga çagyryş möwsümine taýýarlyk görlüşi;

içeri işler ministri M.Çakyýew garalýan döwürde alnyp barlan işleriň netijeleri, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler;

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen biraýlygyň geçirilmegi;

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli kazyýet ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barlan anyk işler;

Baş prokuror B.Atdaýew sekiz aýda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça geçirilen işler;

milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew garalýan döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan görlen anyk çäreler;

adalat ministri B.Muhamedow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew häzirki wagtdaky dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň gümrük nokatlaryndan geçirilýän ýükleri doly zyýansyzlandyrmak üçin geçirilýän çäreler;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýanwar-awgust aýlarynda migrasiýa syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreleriň toplumy;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy;

şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýaragly düzümleriň şahsy düzüminiň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, gulluk düzgün-nyzamy berjaý etmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdiler.

Mejlisde käbir beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň