Soňky habarlar

Arhiw

Alekseý Mirançuk italýan kluby bilen şertnama baglaşdy

11:0602.09.2020
0
952

Italiýanyň “Atalanta” topary Russiýanyň “Lokomotiw” klubunyň hüjüme golaý ýarymgoragçysy Alekseý Mirançugy hataryna goşdy. Bergamolylar 24 ýaşly oýunçy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Russiýaly oýunçynyň transfer bahasy 14,5 million ýewro diýlip kesgitlenildi. 2013-nji ýyldan bäri “Lokomotiwiň” köýnekçesini geýip gelýän Alekseý Mirançuk 223 oýunda 41 goly derwezä girizdi. Ýeri gelende aýtsak, Alekseýiň ekiz taýy Anton Mirançuk hem “Lokomotiwde” oýnaýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň