Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy

21:1502.07.2024
0
8257

Ýakynda Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow bürünç medalyň eýesi boldy. Ol bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan sekiz türgeniň arasynda gazandy.

Alp Arslan halkara ýaryşdaky ýoluna gyrgyzystanly Muhammet Abdullaýewi 12:7 hasabynda ýeňmek bilen girişdi. Ýarymfinalda hytaýly Nan Çaodan 1:4 hasabynda ýeňlen ildeşimiz üçünji orun ugrundaky tutluşykda özbegistanly Daler Çulibaýewi ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýaryşda türkmen türgeni bilen bilelikde hindistanly Amit Amit hem bürünç medal eýeledi.

Alp Arslan Begenjow 8-nji awgustda 18 ýaşyny doldurar. Ol 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Rumyniýada 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» halkara ýaryşynda hem ýeňiji bolupdy.

Ýokarda agzalan ýaryşlardan başga-da, Alp Arslan mundan iki ýyl ozal ýetginjekleriň arasynda geçirilen yklym ýaryşynda 65 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy, geçen ýyl bolsa 71 kilogrma çenli derejede bürünç medalyň eýesi boldy. Indi bolsa ol özüniň medallar gaznasyna yklym çempionatynyň ýene bir bürünç medalyny goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň