Soňky habarlar

Arhiw

Şähryslam galasy ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijsii boldy

14:3228.08.2020
0
12910
Şähryslam galasy ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijsii boldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy boýunça taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini wideoaragatnaşyk arkaly gutlamak dabarasy geçirildi.

2001-nji ýylda esaslandyrylan bu maksatnama esasynda ýurdumyzda 30-a golaý taslama maliýeleşdirildi. Muňa mysal hökmünde gadymy Ahal ýaýlasynda, Goňurdepede, Dehistanda, Daşoguz welaýatyndaky Ysmamyt ata ýadygärliginde, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýynda we beýlekilerde geçirilen işleri görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» esasynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýat bermeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Şähryslam taryhy-medeni ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerine badalga berlip, bu ýerde täze taryhy tapyndylaryň üstünden baryldy we ylmy gözlegleriň netijeleri boýunça birnäçe neşirler taýýarlandy.

ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerindäki bäsleşigiň netijesinde şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde hödürlän taslamasy ýeňiji hökmünde saýlanyp alyndy. Bu taslamanyň çäklerinde Şähryslam arheologiýa ýadygärliginiň suw desgalary toplumynda rejeleýiş we dikeldiş işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Etnografiýa ylmy barlaglarynyň netijeleri Şähryslamyň örän kämil suw üpjünçilik ulgamynyň bolandygyny görkezýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «...ХI-ХII asyrda şäheriň azaphon ilaty dagdan gaýralygyna, şähere çenli uzynlygy 20 kilometrden gowrak bişen kerpiçden örülen suw geçiriji çekipdir. Bu suw geçiriji şol döwür üçin-de juda täsin ulgamdyr...» diýip ýazýar. Alymlaryň bellemegine görä, dag eteginden 20 kilometrden gowrak sähranyň jümmüşine çekilen çylşyrymly suw geçiriji ulgamyň binagärligi dünýäniň ýüzünde başga hiç ýerde duş gelmeýändigi bilen tapawutlanýar.

Şähryslam Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşip, IX asyrda gurlupdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan kitabynda bu şäher barada şeýle bellenýär: «Şähryslam şäher-galasy çarwa sährasy bilen çäkleşipdir, bir döwürler oguzlaryň paýtagty hem bolupdyr. Ondan çykýan kerwen ýolunyň bir şahasy demirgazyk-gündogara, Hywa tarapa hem gidipdir. Birki asyr mundan owal hem şol ýol bilen argyşa gidipdirler. Ýene bir kerwen ýoly Horezmden gelip, Täk Ýazyr galasynyň üsti bilen günorta sary ýol aşypdyr. Gündogarlygyna Nusaý tarapa gidýän ýol hem bolupdyr, kerwenler günortalygyna ýöräp, Parawa barypdyrlar, ondan Dehistana ýol bar ekeni».

Dabara gatnaşyjylar taryhy-arheologik ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmäge we gaýtadan dikeltmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň