Soňky habarlar

Arhiw

"Nebitçi" düzümini dört futbolçy bilen güýçlendirdi

13:4428.08.2020
0
5818

Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” topary täze oýunçylaryň dördüsi bilen şertnama baglaşdy. Toparyň düzümine “Energetigiň” öňki oýunçylary 30 ýaşly Umytjan Astanow bilen 36 ýaşly Serdaraly Ataýew, “Merwiň” 29 ýaşly oýunçysy Alibek Abdurahmanow hem-de ýerli oýunçy Ýakup Saparow geçdiler.

Mundan öň Balkanabadyň toparyna baş tälimçi wezipesine Amanmyrat Koçumowyň bellenendigini habar beripdik. A.Koçumow bu wezipede ýerli hünärmen Amanmyrat Meredowyň ornuna geldi.

Ýeri gelende bellesek, “Nebitçi” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde ýedinji orny eýeleýär.

Çeşme: TFF

Balkanabadyň topary futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawyndaky ilkinji duşuşygyny myhmançylykda “Ahal” bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň