Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulýan täze «Diwan» myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milletiň Lideri ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Döwlet Baştutany soňky ýyllarda Aşgabadyň dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde öz ornuny barha berkidýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Häzir Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezidir. Bu bolsa halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, myhmanhana işewürliginiň baý mümkinçiligini amala aşyrmak maksady bilen, Diýarymyzda bu ulgama iň oňat tejribeleri hem-de iň täze işläp taýýarlamalary çekmegiň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ugurdaş desgalaryň daşky we içki bezeginde aýratyn, ýagty milli öwüşginleriň bolmalydygyny, munuň halkymyzyň baý medeniýeti bilen daşary ýurtly myhmanlaryň tanyşmaklaryna ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini belläp, şunuň bilen baglylykda degişli tabşyryklary berdi.
Myhmanhananyň binasynyň gurluşygynda işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, onuň keşbinde milli binagärlik däpleriniň hem-de binagärlik ulgamynda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de şonuň bilen birlikde, dürli hünär ugurly düzümleýin taslamalaryň taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine innowasion çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady.