Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" düzümine iki futbolçyny goşdy

14:0820.08.2020
0
6991

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasy düzümine iki oýunçy geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Olaryň ilkinjisi “Köpetdag” toparynyň oýunçysy Ýeňiş Seýdiýew, ikinjisi bolsa “Altyn Asyryň” ýaşlar düzüminiň oýunçysy Japarbaý Welibaýew.

Ýeri gelende bellesek, futbol çempionatymyzyň birinji aýlawyndan soň 33 utuk toplan “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Paýtagtymyzyň topary üçünji aýlawyň ilkinji tapgyrynda (XV tapgyr) öz meýdançasynda Mary şäheriniň “Merwi” bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň