Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew «Maşalyň» düzüminden aýryldy

13:4119.08.2020
0
6965

Türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew Özbegistanyň «Maşal» futbol topary bilen hoşlaşdy. Toparyň direktory Ilhom Kurbanow «Çempionat.asia» saýtyna beren interwýusynda bu barada habar berdi.

Saýtyň habarçysynyň ilkinji sowaly topardaky özgerişler barada boldy. Direktor legionerlerden türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew bilen dostlarça hoşlaşylandygyny aýtdy. Ella Ken bilen Ifiani bolsa topardaky oýunlaryny dowam eder.

Topara şu möwsümiň başynda goşulan Didar Durdyýew bäş duşuşykda 148 minut oýnady. Ol geçen möwsüm «Ahalyň» düzüminde çykyş edipdi.

Şeýlelikde, Özbegistanyň çempionatynda indi iki futbolçymyz ― Arslanmyrat Amanow (AGMK) bilen Selim Nurmyradow («Bunýodkor») galdy. Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimowyň hem «Kyzylkum» bilen hoşlaşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň